Sepleriň elýeterliligi

CPJ: Metbugaty senzura etmekde iň bellentgi ýurtlar


Eýranda internet senzurasynyň şygary

Eýranda internet senzurasynyň şygary

Žurnalistleriň ýagdaýyna gözegçilik edýan topar Özbegistanyň, Belarusyň we Eýranyň häkimiýetlerini metbugaty senzura etmekde dünýä boýunça iň bellentgi bolan hasaplaýar.

Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň öň ýanynda çarşenbe güni ýaýradan hasabatynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça Komitet (CPJ) žurnalistleri sem etmek we websaýtlary petiklemek ýoly bilen maglumat almaklygy kesmeklige çalyşýanlykda bu üç ýurdy aýyplaýar.
Eýran tankydy maglumatlary ýok etmek üçin žurnalistleri türmä basýar.

Žurnalistleri goramak boýunça Komitetiň başlygynyň orunbasary Robert Mahoneý birnäçe ýylyň dowamynda halk gozgalaňlary sebäpli alada galýan Eýranyň häkimiýetleriniň dünýäde internete iň berk senzuraly režimleriň birini döredendiklerini we onlarça žurnalisti türmä basandyklaryny aýtdy.

"Eýran tankydy maglumatlary ýok etmek üçin žurnalistlleri türmä basýar. Reformaçy neşirýatlar köplenç gadagan edilýär we olaryň işgärleri türmä basylýar" diýip, Mahoneý aýtdy. "Satelit boýunça efire gidýan kanallar we millionlarça websaýtlar petiklenýär. Senzura garşy programmalary anyklamak üçin çylşyrymly tehnika ulanylýar".

Žurnalistleri goramak boýunça Komitetiň 2006-njy ýyldaky hasabatynda metbugaty senzura etmekde Eýran iň bellentgi ýurtlaryň sanawynda durmandy. Şondan bäri ýagdaý ýaramazlaşyp, Eritrea, Demirgazyk Koreýa we Siriýadan soň, Eýran dördünji döwlet bolup bu sanawyň hataryna goşuldy.

Iň uzak möhletli türme tussaglygynda

Özbegistanda uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan Islam Karimowyň režimi metbugaty berk gözegçilikde saklaýar. Ýurtdaky ähli garaşsyz media netijeli ýok edildi diýip, CPJ aýdýar.

Mahoneý häzir bu ýurtda bäş habarçynyň uzak möhletli türme tussaglygyny başdan geçirýändiklerini aýdýar. Olaryň arasyna 1999-njy ýylda tussag edilen “Erk” oppozisiýa gazetiniň işgärleri Muhammad Bekjannowa we Ýusuf Ruzimuradowa dünýä boýunça iň uzak möhletli türme tussaglygynyň berlendigi aýdylýar.

“Özbegistanda hiç hili garaşsyz media edarasy ýok. Käbir daşary ýurtdaky websaýtlar, şeýle hem gözleg agtaryş sözleri petiklenýär. Bäş sany habarçy uzak möhletli türme tussaglygynda saklanýar. Daşary ýurtly žurnalistler ýurtdan çykaryldy” diýip, Mahoneý aýdýar.

CPJ-iň senzura boýunça hasabaty websaýtlaryň elýeterliligi, žurnalistleriň hereket azatlygy we hususy medianyň işleýşi esasynda taýýarlanyldy.

Metbugat azatlygyna urgy

CPJ guramasynyň sanawynda Belarus 10-njy orunda goýlupdyr. 2010-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenkanyň täzeden saýlanmagy bilen ýurduň metbugat azatlygyna "ölüm howpunyň" abanandygy aýdylýar.

Mahoneý saýlawlardan we şondan soňky köpçülikleýin protestlerden öň hem Lukaşenkanyň režimi žurnalistleri elmydama jenaýatlarda aýyplap geldi we azyndan 3 žurnalistiň gümürtik ölümini derňemekde şowsuz hereket etdi diýýär. Olaryň arasynda 2010-njy ýylda öz daçasynda asylgy tapylan Oleg Býabenin agzalýar.

Metbugaty senzura etmekde iň bellentgi 10 ýurduň hatarynda Ekwatoriýa Gwineýa, Myanmar, Saud Arabystany we Kuba bar. CPJ-niň hasabatynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Hytaý senzurany güýçlendirýän ýurtlaryň sanawynda durýar.
XS
SM
MD
LG