Sepleriň elýeterliligi

Ýewrozonadaky işsizligiň ortaça derejesi 11 prosente ýetdi


Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň statistika baradaky edarasy häzirki wagt ýewro pul zonasyna girýän 17 ýurtdaky işsizligiň ortaça derejesiniň 11 prosente golaýlandygyny habar berdi.

Munuň özi 1999-njy ýylda ýewro pul birliginiň dolanyşyga girizileli bäri bu zonada ýüze çykan işsizligiň iň ýokary derejesidir. Dogry bir ýyl mundan ozal Ýewrozonadaky bu görkeziji 9.9 prosent bolupdy.

Ýewrozona girýän ýurtlaryň arasynda işsizligiň iň ýokary ýurdy Ispaniýa bolup, onuň derejesi häzirki wagt 24 prosentden hem gowrak. Işsizligiň iň pes derejesi Germaniýada we ondaky görkeziji aprel aýynda 7 prosent boldy.
XS
SM
MD
LG