Sepleriň elýeterliligi

Müsürde prezidentlige dalaşgärler saýlaw kampaniýalaryny togtatdy


Müsürdäki halk çykyşlarynyň fonunda çarşenbe güni prezidentlige dalaşgärlerden birnäçesi öz saýlaw kampaniýalaryny wagtlaýynça togtadýandyklaryny yglan etdiler.

Kairde hökümete garşy gurnalan demonstrasiýalarda sişenbe güni azyndan dokuz adamyň öldürilendigi habar berildi.

Bu wakalaryň barşynda “Musulman doganlygy” partiýasyndan prezidentlige kandidat Muhammed Mursi protestçilere raýdaşlyk görnüşinde öz saýlaw kampaniýasyny 48 sagatlap togtadýandygyny yglan etdi.

Saýlawlarda Muhammed Mursiniň esasy garşydaşy bolar diýlip garaşylýan beýleki bir kandidat Abdel Moneýim Abul Fotouh hem çarşenbe gününe planlaşdyran öz kampaniýalaryny ýatyrdy. Müsürdäki prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyry 23-24-nji maý günleri geçiriler.
XS
SM
MD
LG