Sepleriň elýeterliligi

Özbek serhedinde iki sany neşe gaçakçysy atylyp öldürildi


Özbegistanyň hökümet resmileri ýurduň serhet ýakasynda 2 sany owganystanly neşe gaçakçysynyň atylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Özbek resmileriniň maglumatyna görä, bu iki raýat 33 kilogram geroiny Owganystandan Özbegistanyň territoriýasyna geçirmäge sanynyşypdyr. Ýöne bu wakanyň haýsy gün bolandygy barada anyk maglumat alynmady.

Bu wakanyň öňýany, hepdäniň sişenbe güni Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň resmileri Täjigistanyň birnäçe raýatynyň Özbegistanyň üsti bilen Orsýete neşe serişdelerini geçirmekçi bolanlarynda, tussag edilendiklerini-de habar berdiler.
XS
SM
MD
LG