Sepleriň elýeterliligi

Obamanyň saparynyň yzýany Kabulda ýaragly hüjümler boldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Owganystana eden sişenbe günki saparynyň yzýany, çarşenbe güni Kabulda amala aşyrylan ýaragly hüjümlerde azynda 10 adam öldi.

Talyban güýçleri bu hüjümiň prezident Barak Obamanyň eden saparyna jogap hökmünde amala aşyrylandygy barada beýanat ýaýratdylar.

Owganystanyň resmileri bu wakada aýallaryň burka bürenjegine bürenen birnäçe söweşijiniň aýratyn goragly bir myhmanhana garşy ýaragly hüjüm edendiklerini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu hüjümiň barşynda janyndan geçen bir hüjümçi maşynyň içine ýerleşdirilen bombany-da partladypdyr. Atyşyklarda hüjümçileriň hem ählisiniň öldürilendigi aýdylsa-da, olaryň anyk sany barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG