Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-daky gurama senzuranyň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet habar serişdelerindäki senzuranyň ýagdaýy barada çarşenbe güni täze hasabat ýaýratdy.

Habar serişdelerine senzura girizýän iň ýaramaz ýurtlaryň onlugynyň başyny Afrika kontinentindäki Eritreýa dowleti çekýär.

Senzura boýunça iň ýaramaz ýurtlaryň başky onlugyna Mýanmar, Saud Arabystany, Kuba, Demirgazyk Koreýa, Ekwatorial Gwineýa, Özbegistan, Belarus, Eýran we Siriýa girizilipdir.

Žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet bu ýurtlara baha berlende olarda internet saýtlaryna girmek erkinliginiň, žurnalistleriň we hususy habar serişdeleriniň erkin iş alyp barmak ýagdaýlarynyň göz öňünde tutulandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG