Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Exxon Mobil” Türkmenistandaky işlerini giňeltmek isleýär


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň “Exxon Mobil” nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Fil Malhol Türkmenistanyň hökümetinde işewür duşuşyklar geçirdi.

Bu gepleşiklerde “Exxon Mobil” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek işlerine gatnaşmak meseleleri barada maslahat edilendigi habar berilýär.

Aşgabatda Birleşen Ştatlaryň käbir beýleki iri kompaniýalary bilen birlikde “Exxon Mobil” kompaniýasynyň hem ofisi işleýär.
XS
SM
MD
LG