Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Bin Laden abbottabadlylaryň aňynda


Emma Osama bin Ladeniň öldürilmegine bir ýyl dolanda, şäherde ony ýatladýan ähli zatlar weýran edildi.

Emma Osama bin Ladeniň öldürilmegine bir ýyl dolanda, şäherde ony ýatladýan ähli zatlar weýran edildi.

Mundan bir ýyl öň Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren operasiýasynda “Al-Kaýda” terror toparynyň lideri Osama bin Laden öldürilipdi. Pakistanyň häkimiýetleri iki aý mundan öň Osama bin Ladeniň gizlenendigi aýdylýan Abbottabad şäherindäki howlusyny weýran etdiler. Häzir bu ýer çagalaryň kriket oýnaýan meýdançasyna öwrülipdir.

Abbottabad Pakistanyň demirgazygyndaky asuda şäher. Emma Osama bin Ladeniň öldürilmegine bir ýyl dolanda, şäherde ony ýatladýan ähli zatlar weýran edildi. Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri iki aý mundan öň Osama bin Ladeniň we onuň aýallarynyň gizlenip ýaşandyklary ynanylýan howlyny ýykdylar.

Ýaş Gulam Nabi “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň gizlenen howlusynyň golaýynda ýaşaýandygyny aýdýar. Abbottabadda sekiz aý bäri ýaşaýan 20 ýaşly Gulam Nabi bin Ladeniň howlusynyň duran ýerine sapar edýänleriň örän köpdügini belleýär.

“Ol ýere günde örän köp adam sapar edýär. Olaryň arasynda Lahordan we Karaçiden gelenler hem bar” diýip, Nabi aýdýar. “Men olar bilen duşuşmadym. Emma men olary öz öýmüziň üçeginden gördüm. Olaryň köpüsi Bin Ladeniň howlusynyň duran ýerindäki suwuň mukaddesdigine ynanýarlar”.

Ýöne Nabi olar bilen ylalaşmaýandygyny bildirýär: “Emma men olar bilen ylalaşmaýaryn. Ol ýerdäki suw ýarylan turbadan akýan suw. Osama bin Ladeniň howlusynyň duran ýerine sapar edýänlere bu ýerde görere zat ýok ”.

Abbottabad: Bin Ladeniň öldürilmeginden bir ýyl soň

Adynyň tutulmagyny islemedik çagalaryň biri Bin Ladeniň howlusynyň duran ýerini oýun oýnalýan meýdança öwürmelidigini aýdýar: “Biz Osamanyň howlusynyň duran ýerinde kriket oýnaýarys. Bu ýere Osama kriket meýdançasy diýen at bermeli. Bu ýeri biziň kriket oýnap biljek ýeke-täk ýerimiz. Bu sebitde köp ekin meýdany we öý bar. Onsoň bu ýeri oýun oýnalýan meýdança etmeli”.

Käbir çagalar Osama bin Ladeniň howlusynyň duran ýerinden tapan zatlaryny öz maşgalasyna kömek etmek maksady bilen satýarlar.

Häkimiýetler şu ýylyň 25-nji fewralynda Bin Ladeniň howlusyny buldozer bilen ýykanlarynda, ýerli ilat şäherde kadaly ýaşaýşyň boljakdygyna umyt edipdi. Emma Osama bin Ladeniň howlusynda reýd geçirilenden soňra, şäherde howpsuzlyk çäreleri ösdürildi.

Bu sebitde ýaşaýanlar häzirem Bin Laden barada pyşyrdap gürrüň edýärler. Abbottabad şäheriniň merkezindäki dellekhanada oturan ýaşuly Bin Ladeni gahryman hasaplaýar. Adynyň tutulmagyny islemedik ýaşulynyň pikiriçe, Osama bin Laden 3-4 ýyl mundan öň öldürilipdi: “Golaýda onuň howlusyna edilen hüjüm diňe aldaw we oýun boldy. Biz onuň şol howluda ýaşandygyna ynanmaýarys”.

Ol näme üçin Osama bin Ladeniň jesedi deňze taşlandy we hiç wagt surata alynmady diýen sowaly orta atýar. Şeýle-de ol özüniň hem beýlekileriň pikirlerini diňe ynamly subutnamanyň üýtgedip biljekdigini sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG