Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan syýahatçynyň gözi bilen


S.Kokerell: "Käbir türistler gadymy “Ýüpek ýoluna” syýahatynyň çäginde Türkmenistana syýahat edýärler".
S.Kokerell: "Käbir türistler gadymy “Ýüpek ýoluna” syýahatynyň çäginde Türkmenistana syýahat edýärler".
Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde migrasiýa boýunça geňeşin maslahaty boldy. Onda Içeri işler ministrliginiň sebit bölümleri, turist firmalary, şol sanda, daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana girmegi üçin rugsat taýýarlaýan daşary ýurt edaralary we guramalary üçin duzgünnama tassyklandy. Bu barada resmi metbugat habar berýär.

Maglumatlara görä, Türkmenistana syýahata barýan daşary ýurtly turistleriň Türkmenistana giriş wizasyny almak barada düzgünleri we olaryň döwlet edaralarynda resmi hasaba durmagy baradaky kanuny bozýandygy anyklanypdyr.

Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere düýbi Pekinde ýerleşýän garaşsyz “Korýo Tours” syýahat kompaniýasynyň baş menejeri Simon Kokerell bilen söhbetdeş boldy. Bu kompaniýa daşary ýurtly turistleriň Türkmenistana syýahatyny gurnaýar.

Azatlyk Radiosy: Simon, daşary ýurtlular näme üçin Türkmenistana syýahat etmegi gowy görýärler?

S.Kokerell: Olaryň Türkmenistana syýahat etmegi gowy görmeginiň ilkinji sebäbi, Türkmenistan başga hiç ýurda meňzemeýär. Olar Türkmenistanyň nähili ýurtdugy bilen gyzyklanýarlar. Çünki Türkmenistan köp adamyň örän az bilýän ýurdy. Şeýle-de adamlar dürli ýurtlara syýahat etmek isleýärler. Elbetde, olar Türkmenistanyň tebigatyny we tebigy ýadygärliklerini gowy görýärler. Biz olary Aşgabadyň golaýyndaky ýerasty “Köwata” kölüne alyp gidýäris. Şonuň ýaly-da, turistler Türkmenistanyň we Eýranyň araçägindäki daga syýahat edýärler. Olar Türkmenistanyň medeniýeti barada az bilýärler. Şonuň üçin-de biz olara Türkmenistanyň taryhy, etnik toparlary, bu territoriýada bolan imperiýalar, häzirki medeniýet, milli egin-eşikler, türkmen bedewleri we halylary barada maglumatlary berýäris.

Azatlyk Radiosy: Olar Türkmenistanyň halky barada nähili pikir edýärler?

S.Kokerell: Umuman, oňyn pikir edýärler. Türkmenistanyň halky örän mylakatly. Olar daşary ýurtlulara şübheli garamaýarlar. Meniň pikirimçe, biziň Türkmenistana alyp baran turistlerimiz Türkmenistanyň halkyna haýran galandyrlar. Çünki olar öňki Sowet Soýuzynda we Saud Arabystanynda bolan döwründe gören zatlarynyň utgaşygyny ol ýerde gördüler. Olaryň türkmen halkynyň daşary ýurtlulara “kese göz bilen” garamagyna we olar barada hiç zat bilmeýändigine garaşan bolmaklary mümkin. Emma Türkmenistan açyk ýurt. Şonuň üçin-de Türkmenistanda köp daşary ýurtly kompaniýalar bar we daşary ýurtlular bilen söwda gatnaşyklary bar. Iň bärsinden, Aşgabatda we beýleki uly şäherlerde köp adamlar daşary ýurtlulara açyk ýüz bilen garaýarlar. Ýagny, olar daşary ýurtlulara örän mylakatly garaýarlar.

Türkmen çorbasy
Türkmen çorbasy
Azatlyk Radiosy: Şol turistler haýsy türkmen naharlaryny gowy görýärler?

S.Kokerell: Türkmen naharlary Merkezi Aziýada giň ýaýran palaw, somsa, manty we şuňa meňzeşlerden ybarat. Şeýle-de ors we türk naharlaram köp we olary turistler gowy görýärler.

Azatlyk Radiosy: Eýse, olar Türkmenistanda nämäni gowy görmeýärler?

S.Kokerell: Çynymy aýtsam, bilemok. Käbirleri naharlary gowy görmeýärler. Çünki etsiz naharlar aşa gowy däl. Biziň Türkmenistana alyp baran turistlerimiziň aglabasy Demirgazyk Koreýa syýahat edenler. Demirgazyk Koreýa Türkmenistana garanda, örän ýapyk we ol ýerde daşary ýurtlulara berk gözegçilik edilýär. Türkmenistana syýahata baranlar edil Sowet Soýuzy döwründäki ýagdaýlary görmäge garaşýarlar. Ýagny, her ýerde syrly gullugyň jansyzlaryny görmäge we myhmanhananyň otaglaryna kamera bilen gözegçilik edilmegine garaşýarlar. Emma beýle zatlar göze ilmedi. Şeýle-de olar Türkmenistanyň musulman ýurtdugy üçin spirtli içgileriň gadagançylygyna we gijeki şowhunlaryň bolmazlygyna garaşýarlar. Emma bu beýle däl. Şonuň üçin-de, olaryň käbiri Türkmenistana birnäçe gezek syýahat etdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň geografiýa taýdan ýerleşişi hem möhüm. Sebäbi käbir türistler gadymy “Ýüpek ýoluna” syýahatynyň çäginde Türkmenistana syýahat edýärler. Elbetde, Türkmenistandan Özbegistana syýahat etmek örän amatly. Özbegistanda turistleriň örän gowy bilýän Samarkant, Buhara we beýleki taryhy ýerleri bar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana syýahat etmek üçin wiza almagyň kyndygyny aýtdyňyz. Bu barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz?

S.Kokerell: Yslam ýurtlarynyň raýatlaryna Türkmenistandan wiza almak örän kyn. Umuman, Eýrandan, Saud Arabystanyndan, Pakistandan we Ýemenden bolan turistlere wiza berilmeýär. Elbetde, Birleşen Arap Emirliklerinden biznes edýänlere wiza berilýär. Emma olar turist bolup Türkmenistana gidip bilmeýärler. Orsýetiň raýatlaryna hem wiza almak biraz kyn. Birnäçe ýyl mundan öň bir ýaş zenanyň özbaşyna Türkmenistana sapar etmegi kyn meseledi. Häzir bu mümkin. Çynymy aýtsam, uly problema ýok.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, häkimiýetler daşary ýurtly turistleriň Türkmenistana köpräk barmagy üçin näme etmeli?

S.Kokerell: Olar çäklendirmeleri aradan aýyrmaly. Çünki men köp ýurtlaryň wiza bermek bilen bagly çäklendirmeler girizendiklerini bilýärin. Meniň pikirimçe, hiç kim Türkmenistana bikanun barmak ýa-da ol ýerde bikanun ýaşamak islemeýär. Munuň näme peýdasy bar? Näme üçin öz ýurduna yzyna dolanjakdygy belli raýatlaryň Türkmenistana barmagyna rugsat bermeli däl? Mysal üçin, Britaniýadan Türkmenistana baran turist ol ýerde galarmy? Bu degişme ýaly bir zat. Türkmenistanda köpräk myhmanhana gurmaly, daşary ýurtlular üçin wizany mugt etmeli we uçarlaryň sanyny köpeltmeli. Meniň pikirimçe, bu hemmeler üçin bähbitli bolardy.

Azatlyk Radiosy: Söhbetdeşlik üçin sag boluň!
XS
SM
MD
LG