Sepleriň elýeterliligi

Fransuz telewideniýesinde Sarkozi we Olland debat gurnady


Ikilenji möhlet prezidentlige dalaş edýän Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen beýleki bir prezidentlige kandidat Fransua Ollandyň arasynda öten agşam telewizion debat geçirildi.

Üç sagada golaý dowam eden we çekeleşikli geçen bu debatda Fransua Olland prezident Sarkozini Fransiýadaky işsizligiň derejesiniň iki esse artmagyna getirenlikde we döwlet defisitiniň derejesini rekord derejä ýetirenlikde tankytlady.

Nikolýa Sarkozi öz gezeginde Fransua Ollandy ykdysady derejesi boýunça dünýäde bäşinji orunda durýan Fransiýany dolandyrmak hem-de ony ykdysady kynçylyklardan alyp çykmak üçin zerur tejribesiniň ýoklugynda tankytlady.

Fransiýadaky prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry şu geljek ýekşenbe güni geçiriler.
XS
SM
MD
LG