Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň paýtagtyndaky çaknyşyklarda azyndan 20 adam öldi


Müsüriň resmileri çarşenbe güni Kairde, ýurduň Goranmak ministrliginiň binasynyň öňünda bolan çaknyşyklarda azyndan 20 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Bu wakada Müsüriň harby hökümetiniň häkimiýetden çekilmegini talap edýän protestçilere garşy näbelli adamlaryň bir topary hüjüm etdi. Bu çaknyşykda hüjümçileriň protestçilere garşy daş zyňyp we ýaraglardan ok atyp, hüjüm edendikleri habar berilýär.

Bu wakalaryň fonunda çarşenbe güni Müsüriň harby güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisi şu maý aýynda geçiriljek saýlawlaryň birinji tapgyrynda haýsydyr bir dalaşgäriň prezident saýlanan halatynda, 24-nji maýda döwlet dolandyryşynyň harbylardan prezidente geçiriljekdigini aýdyp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG