Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň wise-prezidenti Tarek al-Haşemi jenaýatda aýyplanýar


Yragyň häkimiýetleri häzirki wagt daşary ýurtda gizlenýän wise-prezident Tarek al-Haşemini ýörite adam öldüriji topara ýolbaşçylyk edenlikde aýyplap, jenaýat işini gozgady.

Tarek al-Haşemi şaýylaryň agdyklyk edýän hökümetinde ýokary wezipe eýeleýän azsanly sünni resmilerinden biri. Şu hepdäniň duşenbe güni Tarek al-Haşemi bilen birlikde onuň birnäçe jenpenasyna ýurduň sudýalaryndan altysynyň ölüminde resmi günä bildirildi.

Yragyň sudunyň metbugat sekretary Tarek al-Haşemä we onuň toparyna ýene 150 töweregi waka bilen baglanyşykly aýyplama bildirilýändigini mälim etdi.

Tarek al-Haşeminiň özi bu bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan galp aýyplamalar diýip atlandyrýar. Ol ýakynda Kürdüstan regionynyň üsti bilen ýurduň daşyna gaçyp çykdy.
XS
SM
MD
LG