Sepleriň elýeterliligi

DSG: dünýä boýunça dogulýan her 10 çagadan biri kemis dogulýar


Dünýä Saglyk Guramasynyň täze hasabatynda tutuş dünýä boýunça dogulýan her 10 çagadan biriniň kemis, ýagny wagtyndan öň dogulýandygy aýdylýar.

Bu hasabatda aýdylmagyna görä, tutuş dünýä boýunça ýylda dogulýan 15 million kemis çaganyň köpüsi bäbeklik döwründe aradan çykýar ýa-da fiziki we mental taýdan yzagalak bolup, kemala gelýär.

Wagtyndan öň dogulýan çagalaryň sany boýunça Pakistan birinji orunda durýar. Bu ýurtda dogulýan her 100 çagadan 16-sy wagtyndan öň dogulýar.

Belarus bu görkeziji boýunça iň gowy ýurtlaryň üçlügine girýär. Onda dogulýan her 100 çagadan 4-si wagtyndan öň dogulýar diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG