Sepleriň elýeterliligi

MTS operatory Türkmenistanda işlemek barada ylalaşyga geldi


Çarşenbe güni türkmen telewideniýesi Orsýetiň MTS mobil operatoryna eýelik edýän “Sistema” atly maliýe aksionerler korporasiýasynyň Türkmenistanda mobil aragatnaşygy boýunça iş alyp barmak barada ylalaşyga gelendigini habar berdi.

Bu aksionerler korporasiýasynyň başlygy Wladimir Ýewtuşenkow türkmen telewideniýesine beren interwýusynda bu gürrüňi edilýän mesele boýunça çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikde ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Munuň özi Orsýetiň “Sistema” atly maliýe aksionerler korporasiýasynyň eýeçiligindäki MTS mobil operatorynyň indi Türkmenistanda gaýtadan işe başlajakdygyny aňladýar.

2010-njy ýylyň dekabrynda MTS mobil operatorynyň lisenziýasynyň möhleti uzaldylmansoň, ol Türkmenistandaky işlerini bes etmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG