Sepleriň elýeterliligi

“Human Rights Watch” Siriýany uruş jenaýatçylygynda aýyplaýar


Penşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Siriýanyň režimini uruş jenaýatçylygynda aýyplap, beýanat ýaýratdy.

Hususan-da, “Human Rights Watch” guramasy mart aýynyň ahyrynda we aprel aýynyň başlarynda parahatçylyk barada gepleşik alnyp barylýan günleri Siriýanyň diňe Idlib prowinsiýasynyň özünde 95 sany parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini aýdýar.

Hasabatda bu öldürilenleriň köpüsiniň ýörite guramaçylykly ýagdaýda öldürilendigi we käbirleriniň jaýlaryna snarýad oklary degip, ýumrulanda, ölendikleri aýdylýar.

Bu wakanyň fonunda penşenbe güni ýaragly oppozision söweşijileriň Aleppo prowinsiýasynda hökümetiň howpsuzlyk güýçleriniň 15 agzasyny öldürendikleri barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG