Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow “azat metbugatyň ganym duşmanlarynyň” sanawynda


Penşenbe güni Bütindünýä Metbugat Azatlygy gününe gabatlap ýaýradan hasabatynda Serhetsiz Reportýorlar Guramasy “azat metbugatyň ganym duşmanlarynyn” sanawyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy hem goşupdyr.

Bu hasabatda şu ýylyň başyndan bäri dünýäniň dürli künjeklerinde jemi 21 žurnalistiň öldürilendigi hem aýdylýar.

Hasabatda “azat metbugatyň ganym duşmanlary” diýlen sanawa dürli ýurtlaryň liderleri we täsirli şahsyýetleri bilen birlikde azat media howp abandyrýan dürli toparlaryň-da atlary girizilipdir.

Sanawa girizilen şahsyýetleriň hatarynda Owganystandaky talybanlaryň lideri Molla Muhammed Omar, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, bu ýurduň Nahiçiwan oblastynyň gubernatory Wasif Talibow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly şahsyýetler bar.
XS
SM
MD
LG