Sepleriň elýeterliligi

Klinton Hytaýy adam hukuklaryny goramaga çagyrýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen duşuşýar, Pekin, 3-nji maý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen duşuşýar, Pekin, 3-nji maý.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Hytaýyň paýtagtynda geçirilýän ýyllyk gepleşikleriň öňüsyrasynda çykyş etdi we Waşingtonyň Pekini adam hukuklaryny berjaý etmeklige çagyrýanlygyny aýtdy.

“ABŞ häzirki dialogymyzyň çäginde ynsan hukuklarynyň we düýpli azatlyklaryň wajypdygyna ünsi çekýär. Sebäbi biz ähli hökümetler raýatlaryň mertebesine we kanuna hormat goýmaly, hiç bir ýurt bu hak-hukuklary ret etmeli däl diýip hasap edýäris” diýip, Klinton aýtdy. “Prezident Barak Obamanyň şu hepdede aýdyşy ýaly, Hytaý öz raýatlarynyň ählisiniň hukuklaryny gorasa, ol has güýçli we ösen döwlet bolardy, elbetde, ol biziň umumy bähbitlerimiz nukdaýnazaryndan hem has güýçli ýaran bolardy”.

Klinton kör aktiwist Çen Guangçengiň ykbalyna degişli wakany agzamady. Bu hytaý aktiwisti goldaw sorap, ABŞ-nyň Pekindäki ilçihanasynda gizlendi, soň bolsa Hytaýda galmaga razylyk berdi, emma ol soň özüniň bu ädimine ökünýänligini aýtdy.

Çen öz howpsuzlygyndan heder edýänligini aýdyp, özüniň hem maşgalasynyň howpsuzlygynyň üpjün ediljegi barada özüne berlen wadalaryň galpdygyny we özüniň Birleşen Ştatlara gitmek isleýänligini mälim etdi.

Klintonyň Pekinde eden çykyşynda aýtmagyna görä, ABŞ Hytaýdan Demirgazyk Koreýanyň we Eýranyň ýadro programmalaryndan el çekmeklerini gazanmak we Siriýadaky zorlugy togtatmak üçin Siriýanyň hökümetine basyş etmek ýaly meselelerde hem ýardama garaşýar.

Hytaýyň ýolbaşçysy Hu Jintaonyň Pekindäki bu gepleşikleriň başynda aýtmagyna görä, ol Pekin bilen Waşington özara ylalaşylmaýan meselelere gezek gelende birek-birege hormat goýmaklygy öwrenmeli diýip hasap edýär.

Hu Jintao, hususan-da, taraplaryň umumy bähbitleriniň çägini giňeltmäge çalyşmalydygyny, tapawutlanýan pikirlerine seresaply çemeleşmelidigini we gapma-garşylyklary dialog arkaly çözüp, olaryň hytaý-amerikan gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirmezligini gazanmaga çalyşmalydygyny belledi.

Çeniň howpsuzlygy

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ-nyň Hytaýdaky ilçisi hytaý aktiwisti Çeniň ykbaly bilen baglylykda öz ýurdunyň hereketlerini aklap çykyş etdi. Gari Lokk Çeniň amerikan ilçihanasyny terk etmegi üçin oňa hiç hili basyş edilmänligini aýtdy we aktiwistiň öz aýaly bilen gepleşensoň, ilçihanadan çykyp gidenligini belledi. Lokkyň žurnalistlere aýtmagyna görä, ilçihana Çeniň ähli isleglerini ýerine ýetiripdir.

Amerikan resmileriniň sözlerine görä, gelnen ylalaşykda Çeniň we onuň maşgalasynyň Hytaýda howpsuzlygynyň üpjün ediljegine güwä geçilipdir we onuň öz işlerini dowam etdirmegine rugsat berlipdir.

Emma Hytaýyň resmileri bu meselede ýiti çykyş etdiler we amerikan diplomatlaryny Hytaýyň içerki işlerine goşulyşmakda aýyplap, olaryň ötünç soramaklaryny talap etdiler.

CNN telekanaly Çeniň sözünden sitata getirdi we onuň ABŞ-dan eden tamasynyň çykmanlygyny habar berdi.

Çen Hytaýyň hökümetiniň alyp barýan bir çagalylyk syýasatyny tankyt edip, ýurtda edilýän mejbury abortlara garşy çykyş edipdi. Çeniň bu hereketi Hytaýyň hökümetini gaharlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG