Sepleriň elýeterliligi

Mahaçgala şäherindäki goşa partlamada azyndan 14 adam öldi


Orsýetiň Dagystan respublikasy penşenbe agşamsy bolan goşa partlamanyň pidalarynyň hatyrasyna şu hepdäniň şenbe gününi matam güni diýip yglan etdi.

Penşenbe güni agşamlyk Dagystanyň Mahaçgala şäheriniň eteginde amala aşyrylan goşa partlamada azyndan 14 adam ölüp, 120-den gowrak adam ýaralandy.

Ýerli resmiler partlamalardan birinjisini janyndan geçen bir hüjümçiniň öz maşynynyň içine ýerleşdirilen partlaýyjy enjamy partlatmak arkaly amala aşyrandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, ikinji partlama aradan 25 minut töweregi wagt geçensoň, şol wakanyň bolan ýerinde polisiýa işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň ýygnanan pursaty amala aşyrylypdyr.

Dagystanyň içeri işler ministri Abduraşid Magomedow wakanyň bolan ýerinden bu hüjümleri amala aşyran bir aýal maşgalanyň we bir erkek kişiniň jesediniň tapylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG