Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda TOPH gaz söwdasy boýunça ylalaşyga gol çekiler


“Assoşieýted-Press” habar agentligi ýokary derejeli türkmen resmileriniň sözlerine salgylanmak bilen, şu maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Owganystan, Pakistan we Hindistan bilen gaz söwdasy barada ýörite ylalaşyga gol çekmegi planlaşdyrýandygyny habar berýär.

“Assoşieýted-Press” agentligi öz atlarynyň tutulmagyny islemedik iki sany türkmen resmisiniň bu gürrüňi edilýän ylalaşyga şu aýyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek energiýa konferensiýasynda gol çekiljekdigini aýdandyklaryny belleýär.

Gazyň söwdasy barada baglaşyljak bu ylalaşyk Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygyna tarap ädiljek möhüm ädim hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG