Sepleriň elýeterliligi

Türkmen spektakly Dagystanda sahnalaşdyryldy


Türkmen senariçisi Jora Hudaýberdiýewiň “Müneçjim” spektakly Dagystanda sahnalaşdyryldy. Hepdäniň şenbe güni Dagystanyň Derbent şäherinde onuň premýerasy geçiriler.

Ilkinji gezek 1991-nji ýylda Özbegistanyň Termez şäherinde sahnalaşdyrylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçesinde görkezilen bu spektakl Türkmenistanda soňky sapar 1990-njy ýyllaryň aýagynda görkezilipdi.

“Müneçjim” spektaklynyň awtory Jora Hudaýberdiýew Azatlyk Radiosyna öz eseri barada şeýle gürrüň berdi: “Spektakl komediýa, ýöne onda aýdylýan esasy zat: ynsan mertebesini, adama rehim-şepagatly garap, ony kemsitmän, onuň mertebesini saklamaly. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar adam şekilli bolmaly, birek-birege hormat bilen aragatnaşyk saklamaly. Bu şeýle gowy niýet bilen ýazylan komediýa”.

Türkmen senariçisi Jora Hudaýberdýewiň “Müneçjim” spektaklyny dagystanly ýaş rejissýor Jambulat Gabibow sahnalaşdyrdy. Azatlyk Radiosy Gabibow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz “Müneçjim” spektaklyny näme sebäpden saýlap aldyňyz?

Jambulat Gabibow: Bu pýesa tötänden elime düşüpdi. Men bu eseriň awtory bilen öň tanyş däldim. Men kitaby tötänden tapyp, okap görenimde onuň mazmuny maňa dessine ýarapdy. Onuň mazmuny anyk, ilkinji gezek okaňda düşnükli. Mazmunyň aýratynlyklary-da biziň milli mentalitetimize gabat gelýär. Men pýesanyň awtory bilen gürleşemde, ol hem maňa siziň beren sowalyňyzy berdi, “Müneçjimi” saýlap almagymyň sebäbini sorady. Men bolsa bu eseriň bize ýaranlygyny aýtdym.

Azatlyk Radiosy: Bu eserde size näme ýarady?

Jambulat Gabibow: Bu ýerde möhüm bir tema gozgalýar. Eser göräýmäge komediýa bolup, onda adamy güldürýän pursatlar köp bolsa-da, sada bir maşgala gatnaşyklary barada gürrüň gidýän-de bolsa, onuň esasy ahlagy adamyň içki baýlygyny saklamagy başarmagydyr. Adamyň daşyndaky ýagdaý üýtgäp dursa-da, syýasat üýtgese-de, birden baýlyk düşse-de ol öz içki dünýäsini, gymmatlyklaryny gorap saklamaga çalyşýar. Bu pýesada şu günki gün bizde biraz kemterlik edýän gymmatlyklar bar.

Azatlyk Radiosy: Bu spektakl ilkinji gezek 1991-nji ýylda goýlan hem bolsa onuň aktuallygy şu günki güne çenli saklanýar diýip pikir edýärsiňiz, şeýlemi?

Jambulat Gabibow: Bu, elbetde, mizemez bir tema, ol ilsendik döwür üçin aktual.

Azatlyk Radiosy: Spektaklyň Derbent şäherinde sahnalaşdyrylanlygy aýdylýar. Teatr we spektaklda oýnajak aktýorlar barada gürrüň berseňiz?

Jambulat Gabibow: Bu Tabasaran Drama Teatrynda, ýagny Döwlet Drama Teatrynda goýuldy. Teatrda ýaş aktýorlar oýnaýarlar. Teatryň işläp başlanyna 12 ýyl boldy. Aktýorlar örän zehinli, spektakldaky rollaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. 4-nji maýda spektakly tabşyrýarys, onuň yz ýany, 5-nji maýda onuň premýerasy bolar, ýagny oýun tomaşaçylara ilkinji gezek görkeziler.

Azatlyk Radiosy: “Müneçjim” spektakly näçe wagtlap görkeziler?

Jambulat Gabibow: Biz ony häzirki möwsümiň soňuna çenli görkezmekçi bolýarys. Möwsüm geçen ýylyň noýabr aýynda başlanyp, şu ýylyň güýzüne çenli dowam eder. “Müneçjim” teatrymyzda şu möwsümiň başyndan bäri sahnalaşdyrylan ikinji täze spektakl. Emma bu meniň üçin ilkinji režissýorlyk işi. Men Sankt-Peterburgyň Teatr sungatlarynyň akademiýasynda okaýaryn we bu meniň ilkinji işim.

Azatlyk Radiosy: Spektakl diňe Derbentde görkezilermi?

Jambulat Gabibow: Biz häzir maý aýynda spektakly Dagystan respublikasynyň ähli şäherlerinde görkezmekçi. Ondan soň Derbent, Tabasaran we Hiw raýonlarynda hem görkezeris. Mahaçkala, Kaspiýsk, Izberbaş, Kizlär ýaly iri şäherleriň tomaşaçylary bu spektakl bilen tanyş bolup bilerler. Bu noýabr aýyna çenli dowam etdiriler.
XS
SM
MD
LG