Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Khar şäherindäki partlamada azyndan 24 adam öldi


Anna güni Pakistanyň Khar şäherindäki bir barlag punktunda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda azyndan 24 adam ölüp, 50-den gowrak adam ýaralandy.

Ýerli resmiler bu partlamada ölen adamlaryň arasynda bu regionyň polisiýa güýçleriniň iki sany ýokary derejeli ofiseriniň-de bardygyny aýdýarlar. Olardan daşary, ýene azyndan bäş sany polisiýa işgäriniň bu partlamada ölendigi aýdylýar.

Anna güni giçlik Pakistandaky “Tehriki Taliban” atly ekstremistik topar bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG