Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýewrowideniýe” bilen baglanyşykly Ermenistana jerime salyndy


Ýewropanyň tele-radio Bileleşigi Bakuda geçiriljek “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Ermenistanyň gatnaşmakdan ýüz öwrendigi üçin, oňa jerime salmak barada karar çykardy.

Azerbaýjan bilen ýakymsyz gatnaşykdaky Ermenistan şu aýyň ahyrynda Bakuda geçiriljek bu halkara festiwalyna gatmaşmakdan ýüz öwürdi.

Bu çäräni gurnaýjy Ýewropanyň tele-radio Bileleşigi Ermenistanyň, barybir, beýleki gatnaşyjylar bilen deň hatarda festiwala tölemeli töleg paýyny tölemelidigini we, munuň üstesine, onuň indi şol puluň 50 prosent möçberindäki jerime tölegini-de tölemeli boljakdygyny aýtdy.

Ýewropanyň tele-radio Bileleşigi bu festiwalyň 26-njy maýda geçjek final bäsleşigini hem Ermenistanyň öz döwlet telewideniýesinde görkezmelidigini şert edip goýýar.
XS
SM
MD
LG