Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň sport boýunça komissary Ukrainadaky ýaryşlara barmaz


Ýewropa Bileleşiginiň sport meseleleri boýunça komissary hanym Androulla Wassiliou Ukrianada geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty bilen baglanyşykly çäreleriň hiç birine gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ol muny ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy häkimietleriň görýän çärelerine protest hökmünde düşündirdi.

Timoşenko bilen baglanyşykly wakalara salgylanyp, ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katrin Aşton we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso dagylar hem Ukrainadaky bu ýaryş bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmajakdyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG