Sepleriň elýeterliligi

Türkmen jemgyýetiniň “çäreçiler” gatlagy


"Aşgabatly synçy türkmen jemgyýetinde dünýäniň haýsydyr bir başga ýurdunda ýok bir täze gatlagyň –'çäreçiler' gatlagynyň dörändigini aýdýar".

"Aşgabatly synçy türkmen jemgyýetinde dünýäniň haýsydyr bir başga ýurdunda ýok bir täze gatlagyň –'çäreçiler' gatlagynyň dörändigini aýdýar".

Türkmenistanyň merkezi gazetleriniň 30-njy aprelde çap eden maglumatyna görä, aprel aýynda ýurtda 84 çäre geçirilipdir. Maý aýynda olaryň sany 97 bolar.

Bu çärelere kimler gatnaşdyrylýar? Olar çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, studentler, mugallymlar, lukmanlar , býujetden aýlyk alýan işgärler, medeniýet işgärleri.

Aşgabatly 40 ýaşly mugallyma Aýna Abaýewanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, mugallymlar baýramçylyk çärelerine we dabaralara gije-gündiz diýen ýaly gatnaşýarlar, olar sowukda-yssyda daşarda durmaly bolýarlar, ýöne olara bu çekýän azaby üçin hiç hili goşmaça hak tölenmeýär.

Aşgabatly synçy dünýäniň haýsydyr bir başga ýurdunda ýok bir täze gatlagyň –“çäreçiler” gatlagynyň türkmen jemgyýetinde dörändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, “çäreçileri” öz islegi ýa bähbidi üçin meýletin gatnaşýanlar hem-de mejbury gatnaşýanlar diýen iki topara bölmek mümkin.

Birinji topara grýänler ähli çärelere gatnaşýan ýaşulular, ýokary mekdepleriň mugallymlary we beýleki intelligensiýa wekilleri bolup, olar häkimiýetiň ideologiýasyny goldaýanlar. Çagalar baglaryndaky çagalar, mekdep okuwçylary, studentler, adaty mugallymlar, lukmanlar, umuman, býujetden aýlyk alýan işgärler ikinji topary emele getirip, olar mejburylaryň toparyny düzýär.

Eýsem, şeýle köp çäreleri gurnamakdan nähili maksat yzarlanýar? Bu ugurda dünýä tejribeleri nähili? Çäreler meselesinde Türkmenistanyň swilizlenen ýurtlaryň hataryna goşulmagy üçin nämeler edip bolar?

Şu temadan geçirilen Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG