Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebiýat we terbiýe


"Sowet mekdeplerinde rus proletar ýazyjysy Maksim Gorkiniň: 'özümde bolan iň gowy zatlary kitapdan öwrendim' diýen sözüni öwredýärdiler".
"Sowet mekdeplerinde rus proletar ýazyjysy Maksim Gorkiniň: 'özümde bolan iň gowy zatlary kitapdan öwrendim' diýen sözüni öwredýärdiler".
Halk arasynda “Çaga eziz – terbiýesi ondanam eziz” diýen nakyl bar. Durmuşda çaganyň terbiýesi çaganyň hut özi ýaly gadyr-gymmatly hem örän möhüm mesele hasaplanylýar.

Şoňa görä, döredilýän çeper edebiýat, medeniýet hem sungat eserleri belli bir derejede terbiýe meselesini öz içine alýar. Başgaça aýdylanda, medeniýetiň hem sungatyň gymmaty belli bir derejede çaga terbiýesine ýüzlenişine görä kesgitlenilýär. Sungatyň hiç bir ugry terbiýe meselesinden sowa geçmeýär.

Sowet döwründe uniwersitetiň mugallymlaryndan biri “men ähli terbiýäni gazetden aldym” diýýärdi. Sowet mekdeplerinde bolsa rus proletar ýazyjysy Maksim Gorkiniň: “özümde bolan iň gowy zatlary kitapdan öwrendim” diýen sözüni öwredýärdiler. Eýsem, häzirki döwürde Türkmenistanda çagalar gazetdir kitaplardan terbiýe alýarlar diýip bolarmy? Ýa-da, ýurtda çagalara terbiýe berip biljek gazetdir kitaplar çykýarmy?

Azatlyk Radiosy şu meseleler barada žurnalist hem edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew gürrüňdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:02 0:00
Ýükle

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG