Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky saýlawlarda Ahmedinajadyň tarapdarlary yzda


Anna güni Eýranyň parlamentindäki orunlara geçirilen ikilenji tapgyr saýlawlarda prezident Mahmud Ahmedinejadyň tarapdarlarynyň az orunlara eýe bolandyklary habar berilýär.

Saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, edil häzirki wagt prezident Mahmud Ahmedinejada garşy konserwatiw toparlar orunlaryň 20-sine, Ahmedinejadyň tarapdarlary bolsa 8 orna eýe bolupdyrlar.

Garaşsyz dalaşgärleriň-de ikilenji tapgyr saýlawlarda 11 orna eýe bolandyklary habar berilýär.

Ýakynda, mart aýynda Eýranyň parlamentine geçirilen birinji tapgyr saýlawlarda parlamentdäki orunlaryň 65-sine hiç kim eýe bolman, olar boş galypdy.
XS
SM
MD
LG