Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairde bulagaýçylyklara garşy komendant sagady girizildi


Müsüriň paýtagty Kairde soňky günler ýüz beren ganly çaknyşyklardan soň, anna güni agşam Kairiň merkezinde komendant sagady girizildi. Bu çäräniň netijesinde gije Kairde ýagdaýyň belli bir derejede imisalylykly bolandygy habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany, anna güni Müsüriň polisiýasy protestçiler bilen bolan çaknyşyklarda 170-den gowrak protesçiniň tussag edilendigini habar berdi.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitet soňky üç günüň dowamynda Kairdäki wakalara syn edýän žurnalistlerden azyndan 18-sine garşy hüjüm edilip, dürli hili zorlukly çäreleriň ulanylandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG