Sepleriň elýeterliligi

11-nji sentýabr hüjümi boýunça ilkinji sud işi başlandy


On bir ýyla golaý mundan ozal, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terror hüjümlerine dahyllylykda aýyplanýan bäş adama garşy şenbe güni ilkinji sud diňlenişigi başlandy.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda ýolagçy uçarlary alnyp gaçylyp, amala aşyrylan şol hüjümlerde jemi 3 müňe golaý adam ölüpdi.

Bu hujumi gurnamaga gatnaşanlykda aýyplanýan Halid Şeýh Muhammede garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça şenbe guni Birleşen Ştatlaryň Guantanamo harby bazasynda, harby tribunalda ilkinji sud diňlenişigi açyldy.

Bu sud diňlenişiginde Halid Şeýh Muhammede ýardam berenlikde güman edilýän ýene dört adamyň işine garalar.
XS
SM
MD
LG