Sepleriň elýeterliligi

Ýerewanda gazly şarlaryň partlanmagynda adamlar ýaralandy


Anna güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gurnalan dabarada içi gazly äpet şarlaryň ot alyp, ýarylmagy netijesinde onlarça adam keselhana düşdi.

Bu waka anna güni prezident Serž Sarkisýanyň Respublika partiýasynyň ýekşenbe günki parlament saýlawlarynyň öňýany gurnan dabarasynda içi gazly äpet şarlaryň howa uçurylan pursaty ýüz berdi.

Wakada şarlardan birine ot düşüp, ýarylanda, ol beýleki şarlaryň-da ýarylmagyna we tomaşaçylaryň üstüne ot syçramagyna getirdi. Bu wakanyň netijesinde 140-dan gowrak adamyň ýaralanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG