Sepleriň elýeterliligi

Aziýa çempionatynda türkmenistanly ştangaçylar tapawutlandylar


Günorta Koreýada anna güni tamamlanan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda türkmenistanly iki sportsmen baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň sport we turizm baradaky milli institutynyň studenti, 22 ýaşly halkara sport ussady Aman Meredow 77 kilogram agramlyk kategoriýada ştangany siltäp götermekde 144 kilogramy, itekläp götermekde-de 170 kilogramy göterip, kümüş medala mynasyp boldy.

62 kilogram agramlyk kategoriýada bolsa, türkmenistanly tanymal ştangaçy Ömürbek Bazarbaýew ştangany siltäp götermekde 133 kilogram göterip, üçünji orny aldy. Itekläp götermekde bolsa, ol 151 kilogramy göterip, bäşinji orna eýe boldy.

Bu Aziýa çempionatyna dünýäniň 35 ýurdundan jemi 500-den gowrak sportsmen gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG