Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljekki türkmen žurnalistlerine media azatlygy boýunça leksiýa berildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy boýunça bilim alýan studentleri ÝHHG-niň ýardam bermeginde gurnalan leksiýada, Aşgabat, 30-njy aprel, 2012.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy boýunça bilim alýan studentleri ÝHHG-niň ýardam bermeginde gurnalan leksiýada, Aşgabat, 30-njy aprel, 2012.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň otuz studenti häzirkizaman dünýäde medianyň işleýşine we döwürdeş halkara žurnalistikasynyň žanrlaryna degişli ÝHHG-niň ýardam bermeginde gurnalan leksiýalary tamamladylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy habar berýär.

5-nji maýda tamamlanan alty günlük okuw kurslaryny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky edarasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde gurnady. Oňa halkara žurnalistikasy boýunça bilim alýan üçünji we dördünji kurslaryň talyplary gatnaşdylar.

Leksiýalarda işlenen temalar şulardan ybarat:

  • Döwrebap habar beriş serişdeleriniň ugurlary;
  • Halkara gatnaşyklarynda medianyň ähmiýeti;
  • Media azatlygy;
  • Garaşsyz medianyň öňünde bar bolan kynçylyklar;
  • Jemgyýetçilik telewideniýesiniň ösüşi;
  • 21-nji asyrda halkara žurnalistikasynyň perspektiwalary.

“Barha globallaşýan dünýämizde halkara žurnalistikasy halkara gatnaşyklarynda we syýasy proseslerde möhüm rol oýnaýar” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Sergeý Belýaýew studentlere eden ýüzlenmesinde aýtdy. “Bu leksiýalar medianyň ösdürilmegi boýunça ÝHHG-niň merkezi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda ädilen ýene bir möhüm ädimdir”.

Medianyň ähmiýeti

Belýaýew bu okuw kurslarynyň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň studentleri we mugallymlary bilen Moskwanyň Halkara gatnaşyklary boýunça döwlet institutynyň (MGIMO) mugallymlarynyň arasyndaky tejribe alyş-çalşygyna itergi berýändigini hem belläp geçdi. Leksiýalary MGIMO-nyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň dekany Ýaroslaw Skwortsow alyp bardy.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäni barha kiçeldýär” diýip, Skwortsow aýtdy. “Biz telewizor görmek ýa-da web mediasyny ulanmak arkaly dünýä ýurtlarynda bolup duran wakalar barada gyzgyny bilen maglumat alyp bilýäris. Geçen alty günüň dowamynda geljekki žurnalistler we media işgärleri häzirki döwürde medianyň ähmiýetine has gowy düşünmäge mümkinçilik aldylar”.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2008-nji ýylda açyldy. Bu institutda studentler halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, ykdysady gatnaşyklar, şeýle hem halkara žurnalistikasy ugurlary boýunça ýokary bilim alýarlar.

Şu günki güne çenli halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan media azatlygynyň görkezijisi boýunça iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilip gelýär. Ýurtdaky telewideniýe we radio kanallarynyň ählisi döwletiň eýeçiliginde. Berilýän maglumatlara görä, mediada efire berilýän we metbugatda çap edilýän habarlar ýiti senzuradan geçirilýär. Garaşsyz internet sahypalarynyň ençemesi petiklenen. Halkara žurnalistleriniň bu ýurda sapar etmegi berk çäklendirilen diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG