Sepleriň elýeterliligi

Ýewro-2012: Ýewropanyň resmileri Ukraina haýbat atýarlar


"Polşanyň häkimiýetleri Ýewro-2012 futbol çempionatyny baýkotirlemekligiň Timoşenkonyň ýagdaýyna oňyn täsir etmejekdigini öňe sürýärler".

"Polşanyň häkimiýetleri Ýewro-2012 futbol çempionatyny baýkotirlemekligiň Timoşenkonyň ýagdaýyna oňyn täsir etmejekdigini öňe sürýärler".

Ozalbaşda futbol boýunça 2012-nji ýylyň Ýewropa çempionatyny Polşa bilen Ukrainada geçirmekligi öňe süren proýekt Ukrainanyň Ýewropa tarap integrasiýa edýändigini görkezmekligi maksat edinen özboluşly bir reklama hökmünde peýda bolupdy.

Ýöne indi bu ýaryşyň başlamagyna bir aý ýaly wagt galanda, Günbataryň syýasatçylary bu reklamanyň ähmiýetini peseltjekdikleri bilen haýbat atyp başladylar.

Hususan-da, Günbatar Ýewropanyň syýasatçylary Ukrainanyň häkimiýetleriniň ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy görýän çärelerine protest hökmünde bu futbol çäresini ulanjakdyklary bilen duýduryş berýärler.

Olar bu meselä çynlakaýlyk bilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň ünsüni çekmek uçin, Ukrainada geçjek futbol ýaryşlaryny baýkotirlejekdiklerini aýdýarlar.

Kimler baýkotirlemekçi?

Ukraindaky futbol çempionaty bilen bagly çäreleri baýkotirlejekleriň hatarynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso, Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aşton, Bileleşigiň sport meseleleri boýunça komissary Androulla Wassiliou we Bileleşigiň kanunçylyk meseleleri boýunça komissary Wiwian Reding dagylar hem bar.

Kiýewdäki ýerasty geçelgelerden birinde Ýewro-2012 futbol çempionatyna bagyşlanyp çekilen graffiti. Kiýew, aprel, 2012.

Kiýewdäki ýerasty geçelgelerden birinde Ýewro-2012 futbol çempionatyna bagyşlanyp çekilen graffiti. Kiýew, aprel, 2012.

Mundan daşary, Awstriýanyň, Gollandiýanyň we Belgiýanyň hökümet resmileri-de Ýewropa çempionatynyň Ukrainadaky açylyş dabarasyna gatnaşmajakdyklaryny mälim etdiler. Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň hem bu çärä gatnaşmajakdygy habar berilýär.

Futbol çempionatyndan daşary, Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň 11-12-nji maý günleri Ukrainanyň Ýalta şäherinde geçirmegi planlaşdyrýan sammitine-de bu ýurtlaryň liderlerinden ýedisi eýýäm gatnaşmajakdyklaryny yglan etdiler.

Polşa we Orsýet muny goldamaýar

Beýleki tarapdan, Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar regiona tarap giňelmeginiň tarapynda çykyş edip gelýän Polşanyň häkimiýetleri bu baýkot çärelerine garşy çykyş etdiler.

Olar sport ýaryşlaryna garşy syýasy baýkot ulanmak ýaly çäreleriň, adatça, oňyn netije bermeýändigini aýdyp, Ýewro-2012 futbol çempionatyny baýkotirlemekligiň hem Timoşenkonyň ýagdaýyna oňyn täsir etmejekdigini öňe sürýärler.

Şu geçen hepde Polşanyň Ýewropa Bileleşigi boýunça ilçisi Ýan Tombinskiý şular ýaly halkara sport ýaryşynyň ýokary döwlet derejelerinde syýasylaşdyrylmagynyň özünde lapykeçlik döredýändigini aýdyp, çykyş etdi.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin hem ýewropaly syýasatçylaryň Ukrainadaky ýaryşy baýkotirlemek baradaky bu ädimlerini tankytlady we “sport bilen syýasatyň garjaşdyrylmaly däldigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG