Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peruwyň hökümeti deňiz ýakasyna barmazlyga çagyryş edýär


Ýekşenbe güni Peruwyň hökümeti ýurduň raýatlaryny deňiz ýakasyna barmakdan saklanmaklyga çagyryp, duýduryş ýaýratdy.

Bu duýduryşa soňky günler Peruwyň demirgazyk raýonyndaky deňiz ýakalarynda guşlaryň we balyklaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen baglanyşykly waka sebäp boldy.

Ýurduň resmileri soňky birnäçe hepdäniň dowamynda deňiz ýakalaryndan ýüzlerçe delfiniň we uly guşlaryň maslyklarynyň tapylandygyny aýdýarlar.

Peruwyň Oba hojalyk ministrligi geçirilen deslapky barlaglaryň bu jandarlaryň organizminde açlykdan ölmek alamatlarynyň bardygyny görkezendigini aýdýar.

Emma muňa anyk nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe bilermenler belli bir zat aýtmakdan saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG