Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýadaky tornado heläkçiliginde azyndan bir adam öldi


Ýekşenbe güni irden Ýaponiýanyň gündogar raýonynda ýüz beren güýçli tornado tupany uly ýykan-ýumrançylyklary döretdi.

Tornado aýratynam Tokiodan 60 kilometr töweregi demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Tsukuba şäherine uly zyýan ýetirdi.

Tornadonyň netijesinde azyndan bir adamyň ölüp, 30 töweregi adamyň ýaralanandygy habar berilýär. Müňlerçe adam elektrik togundan mahrum bolupdyr.

Bu tebigy heläkçiligiň öňýany Ýaponiýanyň howa agentligi adamlaryň tupanyň howpundan goranmalydyklaryny duýduryp, ýörite duýduryş ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG