Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde garaşsyz medianyň saýtlaryna elektron hüjümler edildi


Ýekşenbe güni Orsýetdäki garaşsyz media serişdeleriniň birnäçesiniň internet saýtlaryna elektron hüjümler edildi.

Internet saýtlaryna hüjüm edilen media serişdeleriniň hatarynda “Kommersant” gazeti, “Eho Moskwy” radiosy we “Dožd” internet telewideniýesi ýaly media serişdeleri-de bar.

Ýöne elektron hüjümlerine garamazdan, bu media serişdeleri özleriniň elektron materiallaryny “Facebook” we “Twitter” ýaly sosial setleriň üsti bilen ýaýratmaklaryny dowam etdirýärler.

Bu elektron hüjümleri Wladimir Putiniň prezidentlige kasam etmeginiň öňýany tutuş ýurt boýunça protest demostrasiýalarynyň geçirilýän gününe gabat geldi.
XS
SM
MD
LG