Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Saglyk şenbesi” boýunça baýraklar gowşuryldy


Şenbe güni Aşgabatdaky “Köpetdag” stadionynda “Saglyk şenbesi” ady bilen gurnalan ýaryşyň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu gürrüňi edilýän ýaryş Türkmenistanyň 18 sany ýokary okuw jaýynyň ýygyndy komandalarynyň arasynda sportuň woleýbol, basketbol we futbol görnüşleri boýunça geçirildi.

Woleýbol we basketbol boýunça ýaryşlaryň iki görnüşinde-de Türkmenistanyň sport we turizm boýunça milli institutynyň ýygyndy komandasy ýeňiji boldy.

Futbol boýunça bäsleşiklerde bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş boýunça döwlet institutynyň ýygyndy komandasy Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň komandasyndan 4:1 hasap bilen üstün çykyp, ýeniji boldy.
XS
SM
MD
LG