Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: deslapky netijeler Ollandyň ýeňşini görkezýär


"Fransua Olland özüniň prezident saýlanan halatynda, şu ýylyň martynda Ýewropa Bileleşiginiň býujet meselesi barada gol çeken ylalaşygynyň düzgünlerine täzeden garamak isleýändigini aýtdy".
"Fransua Olland özüniň prezident saýlanan halatynda, şu ýylyň martynda Ýewropa Bileleşiginiň býujet meselesi barada gol çeken ylalaşygynyň düzgünlerine täzeden garamak isleýändigini aýtdy".
Ýekşenbe güni Fransiýada ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda ýurduň häzirki prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen Sosialistik partiýadan kandidat Fransua Olland özara bäsleşdiler.

Saýlawlaryň deslapky netijesi Sosialistik partiýadan kandidat Fransua Ollandyň Nikolýa Sarkoziden üstün çykandygyny görkezýär.

Hususan-da, berlen sesleriň deslapky sanawlary häzirlikçe Fransua Ollandyň 52%, Nikolýa Sarkoziniň bolsa 48% ses alandygyny görkezdi.

Birinji tapgyr saýlawlarda Fransua Olland sesleriň 28.6%-ni, Nikolýa Sarkozi bolsa 27.2%-ni alypdy.

Fransiýanyň resmileri bu gezekki saýlawlarda ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň 22-nji aprelde geçirilen birinji tapgyr saýlawlardakydan birneme köp bolandygyny bellediler.

Ýekşenbe güni ýerli wagt bilen öýlän sagat 17:00-de ses bermäge hukukly ilatyň 72%-e golaýynyň ses bermäge gatnaşandyklary habar berildi.

Saýlawlaryň öňýany ilat arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar Sosialistik partiýadan prezidentlige dalaşgär Fransua Ollandyň Nikolýa Sarkoziden birneme köp goldawdan peýdalanýandygyny görkezipdi.

Nikolýa Sarkoziniň opponentleri ony Fransiýadaky häzirki 10% işsizlik hem-de onuň hökümetiniň alyp barýan immigrasiýa syýasaty bilen baglanyşykly tankyt edýärler.

Fransua Olland özüniň prezident saýlanan halatynda şu ýylyň martynda Ýewropa Bileleşiginiň býujet meselesi barada gol çeken ylalaşygynyň düzgünlerine täzeden garamak isleýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol bu meseleleri Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin, özüniň haýdan-haý Germaniýa sapar etmekligi-de göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG