Sepleriň elýeterliligi

Maryly zähmetkeşleriň teklibi


Mary welaýatyndan daýhanlaryň we maldarlaryň birnäçesi türkmen hökümetine öz haýyşlaryny we tekliplerini beýan edip, hat ýollapdyrlar.

Mary welaýatyndan daýhanlaryň we maldarlaryň birnäçesi türkmen hökümetine öz haýyşlaryny we tekliplerini beýan edip, hat ýollapdyrlar.

Mary welaýatyndan daýhanlaryň we maldarlaryň birnäçesi türkmen hökümetine öz haýyşlaryny we tekliplerini beýan edip, hat ýollapdyrlar. Olar hatyň bir nusgasyny Azatlyk Radiosyna ýetirmegi žurnalist Aşyrguly Baýryýewden haýyş edipdirler.

Şol hatda neneňsi pikirler, teklipler öňe sürülýär? Azatlyk Radiosy bu barada žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş boldy.

Aşyrguly Baýryýew: Hatyň awtorlary ony “Ýeriň eýelerini tapyp, Türkmenistanyň oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek baradaky teklipler” diýip atlandyrypdyr. 32 oba hojalyk işgäriniň gol goýan bu hatynda on üç teklip orta atylypdyr. Hatyň göwrümi uly däl. Şonuň üçin-de teklipler bilen jikme-jigräk tanyşdyrmak köp wagt almaz.

Azatlyk Radiosy: Oba hojalyk işgärleriniň hökümete ýollan hatynyň bir nusgasyny Azatlyk Radiosyna ýollamagynyň sebäbi nämedekä?

Aşyrguly Baýryýew: Munuň, esasan, iki sebäbi barmyka diýýärin. Birinjiden, olar öz hatlarynyň, teklipleriniň ýolbaşçylara gowuşjagyna ynanyp barmaýan bolsa gerek. Ikinjidenem, öz teklipleriniň Türkmenistanyň tutuş oba hojalygyna dahyllydygy üçin, beýleki welaýatlardaky kärdeşleriniň-de habarly bolmaklaryny isleýändirler. Eger türkmen mediasy şeýle teklipleri, hatlary okyjylar, diňleýjiler köpçüligine ýetirendiginde, muny Azatlygyň efiri arkaly ýaýratmaga zerurlyk bolmazdy.

Azatlyk Radiosy: Geliň onda maryly oba hojalyk zähmetkeşleriniň teklipleri bilen tanyşdyraly.

Aşyrguly Baýryýew: Olar ekerançylyk ýerleriniň daýhanlara we maldarlara mülk durumynda ýa-da azyndan 50 ýyllyk möhlet bilen kärendä berilmegini hem gowy netije gazanan kärendeçilere kärende ýeriniň mülk durumynda berilmegini teklip edýärler. Daýhanlaryň we maldarlaryň ýerlerinde erkin işlemegi üçin şertleriň döredilmegi hem olaryň teklipleriniň ýa talaplarynyň biri. Elbetde, ol üns berilmäge mynasyp, sebäbi häzir daýhanlaram, maldarlaram ýokardan berilýän buýruklar, görkezmeler esasynda işlemäge mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Hatda täzeräk ýaňlanýan teklipler barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Meniň pikirimçe, mülk ýerleri üçin ýer salgydyny we kärende ýerler üçin kärende tölegini belläp, olary daýhan birleşigine däl-de, döwlet býujetine geçirmek baradaky teklip, jedel döredip biljekdigine garamazdan, täzelik ýaly. Oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň daýhanlara, maldarlara lizing esasynda bermegini gurnamak baradaky teklip hem öwrenilmäge degişli bolsa gerek. Telekeçileriň oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, şeýle-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi önümçilikleri getirmegine şertler döretmek baradaky teklibem öňde agzalan meseläniň çözgütleriniň biridir.

Azatlyk Radiosy: Maryly daýhanlar, maldarlar ýene nähili teklipleri öňe sürýärler?

Aşyrguly Baýryýew: Olar daýhanlara we maldarlara öndüren önümlerini gaýtadan işletmek üçin ýeňillikli şertlerde karz pullaryň berilmegini, mineral dökünleriň erkin nyrhlar boýunça satylmagyny gurnamagy teklip edýärler. Şeýle-de olar kärendeçileriň öz kärende ýerlerinde beýleki kärendeçiler bilen birleşmekden ötri, kärendeçiler bileleşiklerini, daýhan hojalyklaryny, kooperatiwleri, daýhan birleşiklerini döretmäge hukuk bazasyny üpjün etmäge çagyrýarlar.

Azatlyk Radiosy: Oba hojalygynda suwuň esasy meseledigi belli. Daýhanlaryň, maldarlaryň bu ugurdan nähili teklipleri bar?

Aşyrguly Baýryýew: Olar bu babatda üç teklibi gün tertibine getirýärler. Birinjiden, suw desgalaryny abatlap, suwaryş maksatnamasyna laýyklykda ekerançylyk suwlarynyň berilmegini üpjün etmek, berilmedik suw sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak. Ikinjiden, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin döwlet tarapyndan şor suwlaryň akabalarynyň ulgamlarynyň işlemegini üpjün etmek. Üçünjiden, suwaryş kanallarynyň birinji we ikinji derejelilerini döwletiň dolandyrmagynda saklap, üçünji derejelilerini oba hojalyk önümlerini öndürijileriň etrap, etrabara birleşikleriniň dolandyrmagyna bermek teklip edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG