Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin üçünji möhlet prezidentlige girişýär


Wladimir Putin Orsdýetiň prezidenti hökmünde üçünji möhlet üçin kasam etdi. 2000-nji we 2008-nji ýyllar aralygynda prezidentlik wezipesiniň iki möhletinde oturan we häzir premýer-ministrlik wezipesinden gidýän Wladimir Putin düşenbe güni Kremlde geçirilen dabarada kasam etdi.

Bu dabara 3,000 töweregi myhman gatnaşdy. Olaryň arasynda Federasiýa Geňeşiniň agzalary, Döwlet Dumasynyň deputatlary we Ýokary we Konstitusion sudlaryň sudýalary bar.

Kasam edişligiň öň ýanynda eden çykyşynda prezidentlik wezipesinden gidýän Dmitriý Medwedew wezipesini ýerine ýetirýän döwründe goldaw beren ähli orsýetlilere minnetdarlyk bildirdi.

Dmitriý Medwedewi Putin öz hökümetinde premýer-ministr wezipesine hödürledi.

Dabaradan bir gün öň Putiniň prezidentlik wezipesine dolanmagyna garşylyk görkezip, 20 müň töweregi adam demonstrasiýa geçirdi. Polisiýa 400-den gowrak adamy, şol sanda oppozisiýanyň liderleri Sergeý Udalsowy, Alekseý Nawalnyny we Boris Nemsowy tussag etdi. Ýüz beren çaknyşykda onlarça polisiýa işgärleriniň ýaralanandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG