Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Ollandy gazanan ýeňşi bilen gutlaýarlar


Dünýä liderleri sosialistlerden bolan Fransua Ollandy ýekşenbe güni Fransiýada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy bilen gutladylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Ollandyň ýeňşine “taryhy waka” diýip baha berdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň bergi krizisinden çykmagyna ýardam bermek uçin, iki ýurduň bilelikde işleşjekdigini aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, özüniň Ýewropadaky iň ýakyn ýarany Nikolýa Sarkoziniň ýeňilendigine garamazdan, Ollandy gepleşik geçirmek üçin Berline çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ollanda ýollan gutlagynda şu aý Birleşen Ştatlarda geçirilýän G8-iň we NATO-nyň sammitlerinden öň ony Ak Tama sapar etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG