Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda söweşijiler dokuz esgeri öldürdiler


Pakistan goşunynyň berýän maglumatyna görä, söweşijiler Demirgazyk Weziristan tire-taýpa regionyndaky howpsuzlyk-barlag postuna eden hüjümlerinde dokuz esgeri öldüripdirler, 12-ni bolsa ýaralapdyrlar.

Harby resmiler bu hüjümiň ýekşenbe güni Weziristanyň paýtagty Miranşah şäherinde bolandygyny aýtdylar.

Harby posta duýdansyz edilen hüjümde söweşijiler bilen esgerleriň arasynda atyşygyň bolandygyny resmiler aýtdylar.

Söweşijileriň arasynda bolan ýitgiler barada maglumat berilmeýär.

Owganystan bilen serhetde ýerleşýän Demirgazyk Weziristan “Talyban”, “Al-Kaýda” we “Hakkany” toparlarynyň söweşijileriniň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.

Bu wakadan bir gün öň, şenbe güni ABŞ-nyň pilotsyz uçary tarapyndan edilen hüjümde Demirgazyk Weziristanyň Şawal regionynda dokuz sany güman edilýän söweşiji öldürildi.
XS
SM
MD
LG