Sepleriň elýeterliligi

Azeri oppozisiýasy ýygnak azatlygyny talap edip, ýöriş geçirdi


Azerbaýjanyň oppozision partiýalary Bakuda rugsatsyz ýöriş geçirdiler. Olar häkimiýetlerden paýtagtda köpçülikleýin ýygnaklary geçirmäge rugsat bermeklerini talap etdiler.

“Halk Palatasy” diýlip atlandyrylan toparyň 150 töweregi aktiwisti duşenbe güni şäher häkimi Hajibala Abutalybowyň wezipesinden çekilmegini talap edip, häkimligiň ýanynda piket geçirdi. Maglumatlara görä, aktiwistler tussag edilipdir.

Häkimiýetler Bakuwyň merkezinde ýöriş geçirmäge oppozisiýa toparlaryna rugsat bermediler we hökümete garşy aktiwistlerden öz ýörişlerini Bakuwyň eteklerinde gurnamagy zor bilen talap etdiler.
XS
SM
MD
LG