Sepleriň elýeterliligi

Eýran dokuz neşe gaçakçysyny jezalandyryp öldürdi


Eýran dokuz neşe gaçakçysyny Tähranyň türmesinde duşenbe güni jezalandyryp öldürdi. Olaryň ýedisi günorta-gündogar Aziýa gatnaýan ýük ulagynda tapylan 500 kilogram metamfetamin maddasy üçin asylyp öldürildi.

Eýranyň metbugaty neşe maddasynyň ele salnan wagtyny mälim etmedi.

Beýleki ikisi 420 kilogram neşe maddasynyň gaçakçylygy üçin asylyp öldürildi.

Hytaý, Saud Arabystany we Birleşen Ştatlar bilen bir hatarda Eýran dünýäde ölüm jezasyny ulanmakda öňde durýan ýurtlaryň biri hasaplanýar.

“Amnesty International” guramasynyň berýän maglumatyna görä, 2011-nji ýylda Eýran azyndan 360 adamy jezalandyryp öldüripdir. Olaryň köpüsiniň neşe bilen baglylykda aýyplanandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG