Sepleriň elýeterliligi

Putin üçünji gezek prezident boldy


Wladimir Putin prezidentlige kasam edýär, 7-nji maý.

Wladimir Putin prezidentlige kasam edýär, 7-nji maý.

7-nji maýda Orsýetiň prezidentiniň inaugurasiýasy boldy. Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda prezidentlik wezipesine geçdi. 4-nji martda bolan prezidentlik saýlawlarynda Putin 63,6% ses alypdy.

Wladimir Putin kasam edip, Orsýetiň prezidenti wezipesiniň üçünji möhletine girişdi.

Soňky dört ýylyň dowamynda premýer-ministr wezipesinde bolan Putin 2000-2008-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna iki möhletiň dowamynda Orsýetiň prezidenti bolupdy.

7-nji maýda Putiniň prezidentlik wezipesine girişmegine bagyşlanyp, Kremlde geçirilen inaugurasiýa dabarasyna üç müňe golaý myhman gatnaşyp, olaryň arasynda Federasiýa Geňeşiniň, Döwlet Dumasynyň, Baş suduň, Konstitusion sudýalaryň we ýerine ýetirji häkimiýetiň resmileri bardy.

Putiniň wadasy

Prezidentiň kasamynda Putin “adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýup, olary gorajagyny, Konstitusiýany, ýurduň garaşsyzlygyny, howpsuzlygyny we bütewiligini gorajagyny hem halka hyzmat etjegini” dabaraly ýagdaýda wada berdi.

Putiniň kasamynyň öňüsyrasynda ýurduň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedew Orsýetiň halkynyň özüne bildiren goldawy üçin minnetdardygyny aýtdy we Putini gutlap, onuň halk köpçüligi tarapyndan goldanýanlygyny belledi.

Prezidentlik wezipesine geçiş dabarasynda eden gysga çykyşynda Putin Orsýetde demokratiýany ösdürjegini hem wada berdi.

Putin “Watana we adamlara gulluk etmekligiň öz ömrüniň esasy manysy we borjudygyny” belledi. Ol Orsýetiň “milli ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýanlygyny” we geljekki ýyllaryň ýurt üçin “aýgytly” boljagyny hem aýtdy.

Putin Medwedewi premýer-ministr wezipesine belledi.

Protestler
Putiniň prezidentlige kasam etmeginiň öňýany tutuş ýurt boýunça protest demonstrasiýalary geçirildi, 6-njy maý.

Putiniň prezidentlige kasam etmeginiň öňýany tutuş ýurt boýunça protest demonstrasiýalary geçirildi, 6-njy maý.

Inaugurasiýa dabarasynyň geçýän wagty polisiýa 80-e golaý adamy, şol sanda oppozisiýanyň liderleriniň biri Boris Nemtsowy saklady. Oppozisiýa Moskwanyň merkezindäki iki ýerde resmi bolmadyk mitingleri geçirmäge synanyşypdy. Protestçiler “Üçünji möhlet – türmede!” diýen şygarlar bilen çykyş etdiler.

Wladimir Putiniň inaugurasiýasyndan bir gün öň onuň prezidentlik wezipesine dolanmagyna garşylyk hökmünde 20 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda protest aksiýasy geçirildi. Polisiýa 400-e golaý adamy tussag etdi. Olaryň arasynda oppozisiýanyň liderleri Sergeý Udaltsow, Alekseý Nawalnyý we Boris Nemtsow hem bardy. Olara administratiw jerime salyndy we tiz boşadyldy. Protestçiler bilen çaknyşyklarda polisiýanyň ondan gowrak işgäriniň ýaralananlygy habar berildi.

Hepdäniň duşenbe güni irden žurnalistler bilen söhbetdeşliginde Boris Nemtsow Putini Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen deňeşdirdi. Ol Putiniň ýolbaşçylygyndaky Orsýetiň geljege tarap Lukaşenkonyň golastyndaky Belarusyň barýan ýolundan gadam basjagyna özüniň şübhelenmeýänligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG