Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DSG: Her 10 çagadan biri kemis dogulýar


DSG-niň hasabatynda aýdylmagyna görä, tutuş dünýä boýunça ýylda dogulýan 15 million kemis çaganyň köpüsi bäbeklik döwründe aradan çykýar ýa-da fiziki we mental taýdan yzagalak bolup, kemala gelýär.
DSG-niň hasabatynda aýdylmagyna görä, tutuş dünýä boýunça ýylda dogulýan 15 million kemis çaganyň köpüsi bäbeklik döwründe aradan çykýar ýa-da fiziki we mental taýdan yzagalak bolup, kemala gelýär.
Dünýä Saglyk Guramasynyň penşenbe güni ýaýradan täze hasabatynda tutuş dünýä boýunça dogulýan her 10 çagadan biriniň kemis, ýagny wagtyndan öň dogulýandygy aýdylýar.

Bu hasabatda aýdylmagyna görä, tutuş dünýä boýunça ýylda dogulýan 15 million kemis çaganyň köpüsi bäbeklik döwründe aradan çykýar ýa-da fiziki we mental taýdan yzagalak bolup, kemala gelýär.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew hasabat we onda Merkezi Aziýa sebitiniň beýan edilişi barada Dünýä Saglyk Guramasynyň koordinatory, doktor Lale Saý bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen hasabatyňyz barada gysgaça gürrüň berseňiz.

Lale Saý: Hasabatda kemis dogulýan çagalaryň derejesi seljerilýär. Hasabatdan belli bolşuna görä, dünýä boýunça her ýyl 15 million töweregi kemis çaga dünýä inýär. Şeýle-de, her ýylda kemis doglan çagalaryň 5 ýaşa çenlileriniň arasyndan 1 milliona golaýy aradan çykýar. Bu üns berilmeli san.

Şeýle-de, biz hasabatymyzda dünýäniň regionlary we ýurtlary boýunça barlag geçirdik. Alan netijelerimize görä, ösen we ösýän döwletleriň görkezijileriniň arasynda uly aratapawut hem ýok. Ýagny, soňky ýyllaryň dowamynda bu tendensiýa ähli ýerde deň gelýär. Bu ýagdaýa hem ünsüň çekilmegi diýseň wajyp.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň kemis dogulmagyna näme sebäp bolýar?

Lale Saý: Hawa, biz hasabatymyzda bu meselä hem seretdik. Bu sebitden sebte üýtgeýär. Mysal üçin, ösýän döwletlerde munuň esasy sebäpleriniň biri – infeksiýalardyr. Ýagny: AIDS, sifilis, malýariýa, ýagny gyzzyrma ýaly wiruslar. Mundan başga-da has ir ýaşda we yzly-yzyna çaga dogurmak ýaly faktorlar hem öz täsirini ýetirýär.

Ýöne ýaňy belleýşim ýaly, ösen ýurtlarda hem kemis dogulýan çagalaryň derejesi ýokary bolup galýar. Emma bu ýurtlardaky sebäpler başga. Muňa aýallaryň uly ýaşda göwreli bolmagy, hroniki keseller ýaly faktorlar täsir edýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy hasabatyňyzda sebitler boýunça hem barlagyň geçirilendigini aýtdyňyz. Merkezi Aziýa sebiti barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

Lale Saý: Merkezi Aziýa sebitinde, dünýäniň beýleki regionlary bilen deňeşdirilende, ýagdaý azda-kände gowy. Aslynda Merkezi Aziýada çagalaryň kemis dogulmak derejesi ýokary däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan barada näme aýdyp bilersiňiz?

Lale Saý: Türkmenistanda hem dogulýan çagalaryň her ondan biri kemis bolup dünýä inýär. Bu tutuş dünýä boýunça hasaba alnan görkezijä diýseň golaý san. Şunlukda, Türkmenistanyň görkezijilerine çendenaşa ýokary ýa-da pes diýip bolmaýar. Ýöne herniçigem bolsa, Türkmenistanyň bu ugurdaky görkezijilerini kadaly diýip atlandyryp bolmaýar, olar ýokary.

Azatlyk Radiosy: Doktor Lale Saý, belki-de çagalaryň kemis dogulmagynyň öňüni almak üçin, edilmeli işler bardyr? Bular barada hem gürrüň beräýseňiz?

Lale Saý: Bu örän wajyp mesele. Çaganyň kemis dogulmagy kähalatlarda bäbegiň ölmegine hem getirýär. Ýöne çaganyň diri galmagyny üpjün edip bolýar. Görülmeli çäreleriň hiç çylşyrymly ýeri ýok, kemis doglan bäbejigi ýylylykda saklamaly, göwüs süýdi bilen iýmitlendirmeli, ony infeksiýalardan goramaly. Eger-de degişli çäreler görülse, onda çaganyň kemis dogulmagy onçakly uly mesele hem däl. Döräp biljek oňaýsyz ýagdaýlaryň öňüni alyp bolýar.
XS
SM
MD
LG