Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky türkmen diasporasy Ýeňiş baýramyna taýýarlyk görýär


Orsýetde Ýeňiş baýramy mynasybetli türkmenleriň gatnaşmagynda geçirilýän çärelerde nähili maksatlar göz öňünde tutulýar? Azatlyk Radiosy “Rus-Türkmen öýüniň” ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda onlarça müň türkmenistanlynyň ýaşaýanlygy, türkmen diasporasynyň uly böleginiň Moskwada hereket edýänligi habar berilýär. Şu günler Orsýetde Ýeňiş baýramyna giňden taýýarlyk görülýärkä, türkmen diasporasy nähili çäreleri geçirýär?

Wladislaw Nemçinow: Orsýetde ýaşaýanlaryň ählisi ýaly türkmenistanlylar hem häkimiýet edaralary tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşýarlar. Mundan daşgary türkmenistanlylar Ýeňiş baýramçylygy çärelerini 21-nji aprelde geçirip başladylar. Şol gün Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň merkezi muzeýinde türkmen diasporasy Ýeňiş baýdagynyň öňünde dabaraly ýagdaýda surata düşmek üçin duşuşyk geçirdi. Bu çäräniň çäginde Ikinji jahan urşunyň dowamynda türkmenlerden düzülen söweşjen harby bölümleriň baýdaklarynyň hem öňünde surata düşdüler. Muzeýiň fondunda saklanýan bu baýdaklar 206-njy diwiziýanyň 748-nji atyjylyk polkuna we 128-nji gwardiýa daglyk-atyjylyk Türküstan diwiziýasyna degişli. 748-nji atyjylyk polkunda Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň atasy hem söweşipdi.

Azatlyk Radiosy: Bu duşuşyga kimler gatnaşdy?

Wladislaw Nemçinow: Uly türkmen diasporasy, weteranlar, Moskwanyň dürli ýokary okuw jaýlarynda, meselem, Gubkin adyndaky döwlet nebit-gaz institutynda, Döwlet dolandyryş uniwersitetinde we Moskwanyň ýene ençeme ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentler gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosy: Bu çäre näme sebäpden 21-nji aprelde geçirildi?

Wladislaw Nemçinow: Biz ony mydama öňünden geçirýäris. Sebäbi Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň merkezi muzeýinde ýerleşdirilen Ýeňiş we beýleki baýdaklar 9-njy maý baýramçylygyna degişli iri döwlet çäreleriniň ençemesinde ulanylýarlar. Şonuň üçin biz öz çärelerimizi arkaýyn geçirmek üçin öňünden taýýarlyk görýäris. Biz surata düşmek dabarasyny ilkinji gezek 2004-nji ýylda geçiripdik, şondan bäri ol her ýyl geçirilýän däbe öwrüldi.

Elbetde, türkmen diasporasynyň geçirýän bu duşuşyklary baýdaklaryň öňünde surata düşmek bilen çäklenmeýär. Biz Ikinji jahan urşy we oňa gatnaşan türkmenler barada gürrüň berýäris, söhbetdeşlik guraýarys. Şu sapar biz beýleki milli diasporalaryň wekillerini hem çagyrdyk. Şu sapar türkmen diasporasynyň duşuşygyna gazaklar, gyrgyzlar, özbekler, täjikler hem gatnaşdylar. Ýaşlaryň ulular bilen tanyşmaklaryna we gürrüňdeş bolmaklaryna mümkinçilik döredi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tarapyndan resmi wekilleri çagyrdyňyzmy?

Wladislaw Nemçinow: Hawa, bu hem däbe öwrülen bir zat. Ýöne, gynansak-da, negatiw bir däbe. Biz Türkmenistanyň Orsýetdäki diplomatik missiýasyny yzygiderli çagyryp gelýäris. Emma ilçiniň özi-de, ilçihananyň işgärleri-de biziň geçirýän çärelerimize düýbünden gatnaşmaýarlar. Muňa nämäniň sebäp bolýandygyny bilmeýäris. Şol bir wagtda-da beýleki ýurtlaryň diplomatik missiýalary biziň geçirýän çärelermize höwes bilen gatnaşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetdäki türkmen diasporasynyň we türkmen resmileriniň gatnaşmagynda-da medeni çäreleriň geçirilýänligi barada resmi habar berilýär. “Rus-Türkmen öýi” şol çärelere gatnaşýarmy?

Wladislaw Nemçinow: Ýok, bizi şol çärelere çagyrmaýarlar. Munuň sebäbi-de maňa belli däl. Emma maňa mälim bolşuna görä, Orsýetde türkmen resmileriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar we dabaralar diňe ilçihana tarapyndan gurnalýar. Ilçihana degişli bolmadyk türkmenleriň 10 ýyldan gowrak wagt bäri Moskwada we beýleki ýerlerde alyp barýan işlerine we geçirýän çärelerine bolsa ilçihana gatnaşmaýar.

Azatlyk Radiosy: “Rus-Türkmen öýi” Ýeňiş baýramy mynasybetli geçirýän çärelerinde nähili maksatlary göz öňünde tutýar?

Wladislaw Nemçinow: Biz türkmenistanly ýaşlaryň, Moskwada okaýan türkmen studentleriniň taryhdan habarly bolmagyny isleýäris, olarda gyzyklanma döretmäge çalyşýarys. Bellemeli zat, ýaş türkmenistanlylardan düzülen gözleýji topar bar. Olar ýeňiş baýramynyň öýüsyrasynda Moskwada ýaşaýan ýene bir türkmen weteranyny tapdylar. 9-njy maýda ýaşlar weteranyň öýüne barmakçy hem halyny sorap, ony gutlamakçy bolýarlar.
XS
SM
MD
LG