Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CIA “Al-Kaýdanyň” uçara garşy täze hüjüminiň öňüni aldy


Ak Tamyň tassyklamagyna görä, Merkezi aňtaw gullugy golaýda "Al-Kaýda" toparynyň Ýemendäki bölümi tarapyndan ABŞ-a degişli uçara garşy taýýarlanýan hüjümiň öňüni alypdyr.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň maglumatlaryna görä, bu gizlin dildüwşükde tapylan bomba 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Detroýt şäherine barýan uçaryň içinde Umar Faruk Abdulmutallabyň partlatjak bolan bombasy ýaly içki geýime berkidilipdir.

Ak Tamyň sözçüsi taýýarlanýan bu dildüwşük barada ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň aprel aýynda habarly edilendigini we köpçülige abanýan howpuň öňüniň alnandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG