Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Pakistanyň terrora garşy köp iş etmelidigini aýdýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Pakistanyň söweşijileri basyp ýatyrmak üçin has köp hereket etmegine çagyryş etdi. Bu barada ol goňşy Hindistana iki günlük saparynyň soňky gününde aýtdy.

Pakistanyň hökümeti öz territoriýasynda içki we daşky söweşijileriň hüjümlerine ýol bermezligi gazanmaly diýip, Klinton nygtady.

Hindistanyň daşary işler ministri SM Krişna bilen Nýu-Delide žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Hillary Klinton Pakistanda “terrorçylar” tarapyndan 30 müňden gowrak pakistanly öldürildi diýdi.

Mundan bir gün öň eden çykyşynda Klinton “Laşkar-e-Taibe” toparynyň düýbüni tutujy Hafiz Saeede garşy Pakistanyň hereket etmelidigini aýtdy. Saeed 2008-nji ýylda Mumbaýda 165 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümde günäkär hasaplandy.

Klintonyň aýtmagyna görä, ABŞ Saeediň ele salynmagy üçin 10 million dollar hödürlemek bilen Pakistandaky terrorçylyga garşy göreşe özüniň ygrarlydygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG