Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde polisiýa iki oppozisiýa liderini tussag etdi


Orsýetiň polisiýasy Kremliň golaýynda gije oturylyp geçirilen protestlerde ýurduň iki meşhur oppozisiýa liderini tussag etdi.

Oppozisiýa liderleri Alekseý Nawalny bilen Sergeý Udaltsow Kremlden bir kilometr uzaklykda Moskwanyň merkezindäki Kitaý Gorod raýonynda Putine garşy durýan ýüzlerçe protestçi bilen bilelikde uzyn gijäni oturyp geçirdi.

Olaryň ikisi hem polisiýa tarapyndan tussag edilip, soňra goýberildi.

Olara garşy aýyplamanyň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmeýär. Olaryň ýüzlerçe tarapdary sişenbe güni irden Moskwanyň merkezinde galmagy dowam etdirdiler.

Bu waka Wladimir Putiniň üçünji möhlete prezidentlik wezipesine girişmegi bilen bagly ýüz berdi. Täze saýlanan prezidente garşy protest ýörişleriniň geçirilmegi bilen polisiýa oppozisiýanyň onlarça tarapdaryny Moskwada duşenbe güni tussag etdi.
XS
SM
MD
LG