Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda adam ýitgili ýol heläkçiligi boýunça jenaýat işi gozgaldy


Gazagystanyň häkimiýetleri Garaganda regionynda 16 gyrgyz raýatyny öldüren ýol heläkçiligi boýunça jenaýat işini gozgadylar.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni bir ýük maşyny mini-awtobus bilen çaknyşyp, onuň sürüjisini we 14 ýolagçysyny öldüripdir. Ýolagçylaryň ýene biri keselhanada ýogalypdyr.

Gyrgyzystanyň Gazagystandaky ilçisi Esengul Omuraliýew awtobusyň Gyrgyzystanyň günortasyndaky Bazar-Korgon şäheriniň işgärlerini Orsýete alyp barandygyny aýtdy.

Maglumatlara görä, awtobusa ýerleşen ýolagçylaryň sany bolmalysyndan artyk çykypdyr. Ýük maşynynyň sürüjisi we awtobusyň galan ýolagçylary keselhana ýerleşdirildi.

Gazak resmileri bu ýol hadysasynyň ýurtda soňky ýyllarda bolan iň agyr ýol heläkçiligidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG